Ýerleşýän ýeri:
Türkmenistan, Ahal welaýatynyň Tejen etraby
Öndürilýän önüm:
Pomidor we ketçup
Tutýan meýdany:
7 ga
Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň 13-nji ýanwaryndaky PB-7783 belgili buýrugy bilen tassyklanan, çözgüdine laýyklykda 09.02.2017ý. seneli №09 belgili hasaba alynan “Döwlet namasy” bilen “Nedir gala” Hususy kärhanasyna, Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň çäginde gök önümleri ýetişdirilýän ýyladyşhanany gurmak üçin 39 ýyl möhleti bilen peýdalanmaga umumy meýdany 7 ga ýer bölegi, bölünip berildi. Häzirki wagtda ýyladyşhanamyzyň 3.5 gektary hasyl berýär. Bölünüp berlen ýerde ýyladyşhananyň hem-de önümçilik sehiniň gurluşygy tamamlanyp ulanyşa göýberildi. Häzirki wagtda ýyladyşhana we önümçilik sehi işleýär we “Daýhan” belgili tomat we ketçup önümleri öndürilýär. Mundan başga-da marinada ýatyrylan bakja onümleri çüýşe gaplaryna gaplanylýar. Gelejekde önümçilikde maýonez önümçiligini ýola goýmaklyk meýilleşdirilýär.