Ýyladyşhana

Ýerleşýän ýeri:

Türkmenistan, Ahal welaýatynyň Tejen etraby

Ýetişdirilýän önüm:

Pomidor

Tutýan meýdany:

7 ga

Hormatly Prezidentimiziň telekeçilik işini goldamak barada edýän taýsyz tagallalary netijesinde, ýurdumyzyň telekeçileriniň işiniň giň möçberli we köpugurly häsiýete eýe bolmagy ýurdumyzda hususy telekeçiligi höweslendirmek we goldamak boýunça döwlet tarapyndan durmuşa geçirilýän maksatnamalaýyn çäreleriň oňyn netije berýändigini alamatlandyrýar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň 13-nji ýanwaryndaky PB-7783 belgili buýrugy bilen tassyklanan, çözgüdine laýyklykda 09.02.2017ý. seneli №09 belgili hasaba alynan “Döwlet namasy” bilen “Nedir gala” Hususy kärhanasyna, Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň çäginde gök önümleri ýetişdirilýän ýyladyşhanany gurmak üçin 39 ýyl möhleti bilen peýdalanmaga umumy meýdany 7 ga ýer bölegi, bölünip berildi. Häzirki wagtda ýyladyşhanamyzyň 3.5 gektary hasyl berýär. Ýyladyşhananyň 3.5 gektaryna 2019-njy ýyldan bäri her ýylda 500 tonnadan gowrak pomidor hasyly alynýar we önümler içerki we daşarky bazarlara satylýar.

Hyzmatdaşlarymyz