“Nedir Gala” Hususy Kärhanasy 2011-nji ýylyň 7-nji martynda döredildi. “Nedir Gala” Hususy Kärhanasy Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrliginiň Edara görnüşindäki taraplary we maýa goýum taslamalaryny döwlet tarapyndan hasaba almak müdirligi tarapyndan 24.02.2017-nji ýylda berlen 23675020 belgili ýeke-täk döwlet sanawyna girizmek baradaky şahadatnamasy we Hususy Kärhananyň Tertipnamasy esasynda telekeçilik işini amala aşyrýar.“Nedir Gala” Hususy kärhanasy köp ýyllaryň dowamynda telekeçilik işleriniň görnüşleri bilen meşgullanyp, bu ugurda netijeli görkezijileri gazanyp gelýär. Kärhana özüne berilen degişli ygtyýarnamalary laýyklykda, birnäçe desgalaryň gurluşyk işlerini ýerine ýetirdi. Olardan 2011-2012-nji ýyllarda “Türkmenistanda ýerleşen HHR-nyň CNPC kompaniýasynyň ýanyndaky jogapkärçiligi çäklendirilen Çuansin buraw inžener kompaniýasynyň” buýurmagynda Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynda “UPPK2”,”UPPK3” we “4 sany potstansiýa binasy” hem-de “Bug gazan binasynyň binýady” uly göwrümli binalarynyň gurluşyk-gurnama işlerini ýerine ýetirdi. Mundan başga-da 2018-nji ýylda baglaşylan şertnama laýyklykda, “Türkmenistanyň “Bagtyýarlyk” ylalaşylan meýdançasynda Demirýolunyň aşagyndan turba geçirmek boýunça gurluşyk işleri” desgasynda turba geçirmek işlerini ýerine ýetirdi. Häzirki wagtda “Bagtyýarlyk” ylalaşylan meýdançasynda demir ýolunyň we awtomobil ýolunyň aşagyndan turba geçirmek” taslamasy boýunça gurluşyk işlerini ýerine ýetirmek boýunça degişli şertnama baglaşyldy we bu işleri ýerine ýerine ýetirmek üçin işlere girişildi. 2014-2016-njy ýyllarda “Ahal welaýat häkimliginiň buýurmagynda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Gäwers geňeşliginiň çägindäki Bereketli zaman şäherçesinde 40 sany ipoteka ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynyşeýle hem 2015-nji ýylda “Türkmenawtoýollary” döwlet konserniniň buýurmagynda Mary-Türkmenabat awtomobil ýolunyň ugrunda, birnäçe köprüleriň gurluşyk işlerini amala aşyrdy. Mundan başga-da kärhana tarapyndan 2019-2022-ni ýyllarda Ahal welaýatynyň Änew şäherinde kotež görnüli ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy alnyp baryldy. Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň 13-nji ýanwaryndaky PB-7783 belgili buýrugy bilen tassyklanan, çözgüdine laýyklykda 09.02.2017ý. seneli №09 belgili hasaba alynan “Döwlet namasy” bilen “Nedir gala” Hususy kärhanasyna, Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň çäginde gök önümleri ýetişdirilýän ýyladyşhanany gurmak üçin 39 ýyl möhleti bilen peýdalanmaga umumy meýdany 7 ga ýer bölegi, bölünip berildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmenistana daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça Döwlet maksatnamasyna” laýyklykda, bölünüp berlen ýeriň 3.5 gektar böleginde ýyladyşhananyň 1-nji tapgyrynyň hem-de Önümçilik sehiniň gurluşygy doly tamamlanyp ulanyşa göýberildi we galan 3.5 gektarynda bolsa gurluşyk işleri dowam edýär. Ýyladyşhananyň 3,5 gektaryna pomidor ekildi we hasyl berýär. Kärhana tarapyndan, Hormatly Prezidentimiziň öri meýdanlaryny rejeli peýdalanmak we hususylaşdyrmak barada çykaran permany esasynda hususy 38 (otuz sekiz) sany baş iri şahly mallar üçin 600 ga we 209 (iki ýüz dokuz) sany baş ownuk sahly mallar üçin 1500 ga möçberinde jemi-2100 ga, mallar gezer ýaly öri meýdanlary bolan Tejen etrabynyň “Dostluk” daýhan birleşiginiň çäginden we Tejen etrabynyň B.Kerbabaýew adyndaky daýhan birleşiginiň çäginden öri ýerleri Tejen etrap häkimligi tarapyndan bölünip berildi. Mundan başga-da ýyladyşhananyň 7 gektar ýer böleginiň ýanyndan, 200 gektar ýer bölegini, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginden 70 ga ýer böleklerini almak boýunça degişli edaralara ýüz tutuldy. Olar boýunça degişli ylalaşyklaryň ählisi doly alyndy. Häzirki wagtda şol resminamalar ýer böleklerini bermek baradaky Döwlet toparyna iberildi. Ýer böleklerini özleşdirmek we olardan bol hasyl almak üçin dünýäde öňdebaryjy oba hojalyk tehnikalaryndan satyn almak barada sargytlar berildi. Berilen sargytlara laýyklykda “Jonn deer” oba hojalyk tehnikalary doly hasabymyza gelip gowuşdy. “Nedir gala” Hususy kärhanasy Şweýsariýanyň “SCHINDLER Elevator CO.Ltd” lift öndüriji kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi dilleri bolup durýar. Şweýsariýanyň “SCHINDLER Elevator CO.Ltd” lift öndüriji kompaniýasy lift önümçiliginde dünýäde öňdebaryjy kompaniýalaryň biri bolmak bilen, ol Şweýsariýa döwletinde Robert Şindler we Eduard Willigerom tarapyndan, 1874-nji ýylda esaslandyrylandyr. Onuň dünýäniň 7 ýurdunda 16 sany zawody bolup, 100-den gowurak döwletlerde resmi dillerleri bardyr we olarda altmyş müňden gowrak adam işleýär. Kompaniýanyň enjamlary Şweýsariýada, ABŞ-da, Ispaniýada, Hytaý Halk Respublikasynda, Slowakiýada, Braziliýada we Hindistanda ýerleşýän zawodlarynda öndirilýär we satyş işleri amala aşyrylýar. Kompaniýanyň öndürýän liftleri “Comite Europeen de Normalization” guramasy tarapyndan “EN 81 STANDART” laýyklyk sertifikady bilen sertifikatlaşdyrylandyr. Bu kompaniýanyň enjamlary mäkämligi, howpsuzlugy, elektrik energiýasynyň tygşytlylygy we ekologiýa taýdan amatlylygy häzirki zaman tehnologiýalaryna esaslanýar. “SCHINDLER” liftleri dünýäniň ýüzünde iň bir iri medeni-durmuş maksatly binalarda gurnalandyr, olardan ýylda 150 million ýolagça hyzmat etjek dünýäde iň uly aeroportlaryň biri bolan Türkiýäniň täze Stambul aeroportyny, Ýewropada iň beýik bina bolan, Moskwa şäherindäki “Başnýa Federasiýa. Wostok” diňini, Sankt Peterburg şäherindäki “Lahta Center” jemgyýetçilik-işewürler toplumyny, Hytaýdaky beýikligi 636 metr bolan “Uhan-Greenland-Center” binasyny, Warşawa şäherindäki beýikligi 220 metr diňi bolan “Warşawskiý şpil” edaralar toplumyny, Hanoý şäherindäki 65 gatly “Lotte Tower” diňini, Germaniýanyň Mýunhen şäherindäki aeroportyny şeýle hem Kaliforniýa ştatynyň Santa-Klara şäheriniň täze futbol stadionyny, Özbegistanyň Daşkent şäherinndäki “Tashkent City” binalar toplumyny, Germaniýanyň Franfurk şäherindäki aeroportynyň 3-nji terminalyny, Hytaýdaky dünýäniň iň uly aeroporty bolan “Beijing Daxing international Airport” we başga-da birnäçe binalary görkezmek bolar.
Giňişleýin